Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik hökümetine çagyryş edildi


Täjigistanda adam hukuklaryny goraýan topar dedowşina, ýagny çagyryş boýunça harby gullugy ýerine ýetirýän uly esgerleriň özlerinden soň gelen esgerlere azar bermegi netijesinde ýüze çykýan wakalarda öldürilen esgerleriň maşgalalaryna kompensasiýa berilmegi üçin täjik hökümetine çagyryş etdi.

“Amparo” atly adam hukuklaryny goraýan merkeziň 3-nji noýabrda ýaýradan beýanatyna görä, şu ýylyň dowamynda bolan dedowşina wakalarynda harby gulluga çagyrylan azyndan iki esger öldürilip, bir sanysynyň hem bedeni ysmaz bolupdyr.

Iýun aýynda Täjigistanyň demirgazygyndaky Hujand welaýatynda dedowşinanyň netijesinde täjik armiýasynyň seržanty çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylan esgeri ýenjip, öldüripdi. Şol wakadan soň, seržant dokuz ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Dedowşina öňki sowet ýurtlarynda mydamalyk problema bolmaga dowam edýär.

XS
SM
MD
LG