Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atambaýew dini ekstremizme garşy göreşjek diýýär


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew “ekstremist dini jemgyýetlere garşy iň berk çäreleri” durmuşa geçirmäge wada berdi.

3-nji noýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Howpsuzlyk geňeşiniň ýygnagynda çykyş eden Atambaýew “dini ekstremizmiň rak keseline meňzeşdigini we onuň bejergisiz goýulmaly däldigini” belledi.

Atambaýew “Gyrgyzystanyň dünýewi döwletdigini kabul etmegi ret eden” dini ruhanylaryň “birnäçe kanuny” netijeler bilen ýüzbe-ýüz boljakdygy barada duýduryş berdi.

Şeýle-de, Atambaýew gyrgyz halkynyň musulmandygyny we hemişede musulman galjakdygyny belledi. Emma ol radikallaşmanyň “gyrgyz halkyny öz dilinden we däp-dessuryndan mahrum edip biljekdigini, jemgyýetiň araplaşmagyna” sebäp bolup biljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Gyrgyzystanyň hökümeti ýüzlerçe gyrgyz raýatynyň Siriýada hökümet güýçlerine garşy göreşýän söweşijileriň hatarynda göreşýändigini habar beripdi.

XS
SM
MD
LG