Sepleriň elýeterliligi

Täjik raýatlary “YD” bilen ilteşigi bolmakda aýyplanýar


Sentýabr aýynda Müsürde tussag edilen dört täjik raýaty “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri bilen ilteşigi bolmakda aýyplanýar.

Täjigistanyň Kairdäki ilçihanasynyň resmileriniň 5-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, atlary köpçülige mälim edilmeýän dört täjik raýaty 19-njy sentýabrda Giza piramidalarynyň golaýynda tussag edilipdir.

Ilçihananyň resmileriniň sözlerine görä, Müsüriň derňewçileri gürrüňi gidýän dört täjik raýatynyň ýurduň taryhy ýerlerine gezelenje baran syýahatçylaryň arasyndan “Yslam döwleti” atly topara söweşijileri işe çekmäge synanyşandygyny öňe sürýärler.

Täjik ilçihanasynyň maglumatynda polisiýanyň täjik raýatlarynyň ulagyny gözlegden geçirendigi we ulagyň içinden pyçagyň, harby egin-eşigiň, agzalýan söweşiji topara goşulmaga çagyryş edýän mazmunly çapdan çykan maglumatlaryň tapylandygy bellenilýär.

Tussag edilen täjik raýatlary özlerine ýöňkelýän aýyplamalary inkär edýärler.

XS
SM
MD
LG