Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak tussaglarň aladasy edilýär


Gazagystanyň jeza beriş koloniýasyndaky resmiler türmede bolan gozgalaňy ýaragly güýçleriň basyp ýatyrandygy barada çykan maglumatlardan soň, tussaglaryň dogan-garyndaşlaryna türmedäki ýakynlary bilen duşuşmaga rugsat bermediler.

Tussaglaryň howsalaly dogan-garyndaşlary Oskemen şäherindäki “OW-156/3” belgili türmäniň golaýynda ýygnanyp, türmedäki ýakynlarynyň ýaragly güýçler tarapyndan ýowuzlyklara sezewar edilendigi baradaky aladalanmalaryny köşeşdirmek üçin olary görmäge rugsat berilmegini talap etdiler.

Türme resmileri Azatlyk Radiosyna beren maglumatlarynda ýaragly güýçleriň “tussaghanada adaty barlaglary geçirmäge hem-de pyçak we mobil telefony ýaly gadagan edilen zatlary konfiskasiýa etmäge gatnaşandygyny” aýtdylar.

Şeýle-de, resmiler tussaglaryň dogan-garyndaşlaryna gürrüňi gidýän gün ýaragly güýçleriň tussaghana gelmegine protest bildirip, iki tussagyň özüne şikes ýetirip keselhana ýerleşdirilendigini mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG