Sepleriň elýeterliligi

Obama, Si klimatyň üýtgemegi barada çykyş etdi


Dünýäniň iň köp kömürturşy gazyny bölüp çykarýan ýurtlary – Hytaý we Birleşen Ştatlar klimatyň üýtgemegi meselesi boýunça täze maksatlaryny mälim etdiler. Bu maksatlary Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama “taryhy” ylalaşyk diýip atlandyrdy.

Bu barada Obama we Hytaýyň prezidenti Si Jinping (Xi Jinping) “Aziýa-Ýuwaş okean sebiti” boýunça iki gün dowam eden sammitden soň, 12-nji noýabrda Pekinde yglan etdi.

Obama Birleşen Ştatlaryň öňünde kömürturşy gazyny bölüp çykarmak deresini 2005-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2025-nji ýyla çenli 26% bilen 28% aralygynda azaltmagy maksat edip goýdy.

Iki lideriň bilelikdäki metbugat ýygnagynda Si Hytaýyň kömürturşy gazyny bölüp çykarmak derejesiniň 2030-njy ýyla çenli iň pes deresine ýetjekdigini aýtdy. Ol bu barada takyk maksatlaryny mälim etmedi, emma Hytaý kömürturşy gazyny bölüp çykarmak derejesini kemeltmek boýunça ilkinji gezek wagt görkezdi.

XS
SM
MD
LG