Sepleriň elýeterliligi

"Orsýete garşy sanksiýalar azalmaz"


Ýewropa Bileleşiginiň täze goňşuçylyk komissary Ýohannes Han

Ýewropa Bileleşiginiň täze goňşuçylyk komissary Ýohannes Han

Ýewropa Bileleşiginiň täze goňşuçylyk komissary Ýohannes Han (Johannes Hahn) ÝB-niň Orsýete garşy girizen sanksiýalarynda azalma bolmajagy «örän aýdyň», muňa derek, gündogar Ukrainadaky soňky wakalar Brýusseliň Orsýete garşy has kän basyş etmegine getirip biler diýdi.

Han AÝ/AR-e beren interwýusynda ÝB 5-nji sentýabrdaky Minsk protokolyndan we ok atyşygy kesmek ylalaşygyndan soň sanksiýalary ýeňletmegiň wagty gelen bolmasyn diýen maslahata başlapdy, emma gündogar Ukrainada soňky bolan wakalar bu barada gaýtadan pikirlenmäge mejbur etdi diýdi.

Han ÝB-niň käbir agzalarynyň hatda sanksiýalaryň güýçlendirilmegine basyş etjegini hem syzdyrdy.

Ol ÝB-niň Ukraina üçin şu ýyla planlaşdyran donorlar konferensiýasynyň 2015-nji ýylda geçiriljekdigini, sebäbi Brýusseliň ol maýanyň nirä gönükdiriljegi barada anyk strategiýa garaşýandygyny, emma Kiýew tarapyndan şu wagta çenli ne gysga möhletli, ne uzak möhletli ösüş planynyň hödürlenendigini aýtdy.

Ukraina iýun aýynda Ýewropa Bileleşigi bilen baglaşylmaly Assosiasiýa şertnamasynyň esasy söwda we ykdysady gatnaşyklar bölegine gol çekdi, bu dokument çuňňur we köptaraply söwda zonasynyň hem-de ýakynrak ykdysady integrasiýanyň döremegini üpjün eder.

Emma muňa garamazdan, bu şertnamanyň söwda bölegini durmuşa geçirmek 2016-njy ýylyň ýanwaryna çenli, belki-de Orsýetiň basyşy sebäpli, soňa goýuldy. Moskwa onuň öz bazarlaryna zyýan ýetirjegini aýdýar.

Han AÝ/AR bilen interwýusynda bu şertnama Orsýet sebäpli girizilen üýtgeşmeler barada aýdylýanlary ret etdi. Ol gijikmäniň, mysal üçin, Ukrainanyň biznes sektorynda görülmegi zerur bolan taýýarlyk sebäplidigini, şunuň üçin munuň indiki ýyl edilmelidigini, bu ýerde başga hiç zat ýokdugyny aýtdy.

Komissar 2019-njy ýylda öz wezipesinden gidende, Ukraina bilen nähili gatnaşyklaryň gurulmagyny isleýändigi barada berlen soraga jogap berip, özüniň prezident Petro Poroşenko tarapyndan işlenip düzülen strategiýa, ýagny 2020-nji ýylda bileleşige goşulmak barada arza berilmegine gol ýapýandygyny aýtdy.

"Meniň pikirimçe, bu örän jogapkärçilikli çemeleşme we biz oňa ýoldaş bolmaly we goldamaly» diýip, Han aýtdy.

Şeýle-de komissar özüniň hristian Täze ýyl baýramçylygyndan öň Ukraina sapar etmek niýetiniň bardygyny, emma munuň anyk senesiniň indi kesgitlenmelidigini aýtdy.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG