Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Lagerde adamlar ýaralandy


Pakistanda adamlaryň üýşmeleňi ýurduň demirgazygyndaky lagerde paýlanýan azyk harytlaryny almaga synanyşan mahaly çaknyşyklar emele geldi we wakada polisiýanyň ot açmagy netijesinde öýünden göçürilen azyndan dört adam we dokuz polisiýa ofiseri ýaralandy. Bu barada keselhana resmileri we waka şaýat bolanlar habar berýär.

Bu ýowuzlyklar 13-nji noýabrda Bannu etrabyndaky hökümet lagerinde boldy. Bu lager iýun aýynda Demirgazyk Waziristandaky söweşijileriň nyşana alynmagy netijesinde başlan harby operasiýalaryň yzýany, öýlerini terk etmäge mejbur bolan takmynan 150 müň ýaşaýja niýetlenendir.

Wakada polisiýanyň ot açmagy we üýşmeleňdäki adamlaryň daş we beýleki zatlary zyňmagy netijesinde goh-galmagal döredi.

Pakistanyň armiýasy Demirgazyk Waziristanyň 80%-niň söweşijilerden arassalanandygyny aýdyp, ýüzlerçe söweşijiniň öldürilendigini belleýär.

XS
SM
MD
LG