Sepleriň elýeterliligi

Müsür topary ganly hüjümi boýun alýar


YD toparyna wepadarlyk kasamyny içen müsür topary oktýabr aýynda Sinaý ýarymadasyna edilen ganly hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Şonda janyndan geçeniň hüjümi netijesinde 30 sany müsür esgeri öldürildi. Müsüriň Sinaý ýarymadasyndaky Ansar Beýt al-Makdis topary bu beýanaty internetde goýlan wideoda etdi.

Bu topar Müsüriň yslamçy prezidenti Muhammad Morsi 2013-nji ýylda häkimiýetden çetleşdirileli bäri onlarça polisiýa ofiserini, esgeri öldürdi.

Emma 24-nji oktýabrdaky kast ediş hüjümi, partlaýjydan doldurylan maşynyň harby barlag nokadynda ýarylmagy bilen, iň ganly hüjüm bolupdy.

XS
SM
MD
LG