Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda iki hüjüm amala aşyryldy


Yragyň resmileri Bagdadyň gyzgalaňly sebitinde iki bombaly ulag partlamasynyň amala aşyrylandygyny, hüjümleriň netijesinde azyndan 12 adamyň ölendigini we başga-da takmynan 30 sanysynyň ýaralanandygyny habar berýärler.

17-nji noýabrda amala aşyrylan hüjümleriň biri Bagdadyň gündogaryndaky Maştal sebitinde, beýlekisi şäheriň günbataryndaky Amiriýah sebitinde boldy, diýip Yragyň polisiýasy öz maglumatynda belleýär.

Bu iki hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç bir topar öz üstüne almady.

Bagdatda her gün diýen ýaly bombaly hüjümler ýa-da ok atyşyklar amala aşyrylýar. Şol hüjümleriň netijesinde her aý ýüzlerçe adam öldürilýär.

XS
SM
MD
LG