Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Kassigiň ölümini tassyklady


Kassig kakasy bilen balyk tutýar. Indiana, 2011 ý.

Kassig kakasy bilen balyk tutýar. Indiana, 2011 ý.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary (ABŞ) kömekçi işgär, şeýle-de Abdul-Rahman Kassig ady bilen tanalýan Peter Kassigiň ölümini tassyklady. Mundan owal, “Yslam döwleti” ýaragly topary gürrüňi gidýän amerikalynyň kellesini kesendigini öňe sürüp, bu hakdaky wideoýazgyny ýaýradypdy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Aziýa saparyndan ABŞ-a dolanyp barýarka, özüniň uçaryndan ýaýradan beýanatynda “Abdul-Rahman bütin dünýäde adamkärçiliksizlikde tanalýan terroristik topar tarapyndan edilen nejis hereketiň netijesinde wepat boldy” diýilýär.

Obama Kassigi ynsaperwer bir adam diýip häsiýetlendirip, onuň maşgalasyna gynanjyny we ýagşy dileglerini ýollady. 26 ýaşly Kassig ABŞ-nyň ozalky harby reýnjeri bolup, ol Siriýanyň graždanlyk urşunda ejir çekenlere hemaýat berýärdi.

Ýüzi nykaply bir adamyň Kassigiň kellesini kesendigini tassyklap, ýaýradylan 16 minutlyk wideodan soň, Obama bilen birlikde dünýäniň beýleki liderleri hem öz gynançlaryny bildirdiler.

G20 sammitiniň ahyrynda çykyş eden Awstraliýanyň premýer-ministri Toni Abott “Yslam döwleti” diýilýän jeňçi topary “melgunyň kulty” diýip atlandyrdy. Abott gürrüňi gidýän topar Siriýanyň günorta we Yragyň demirgazyk sebitlerinde ornaşandan soň, “regionda kelle kesmek, haja çüýlemek, köpçülikleýin adam öldürmek, jynsy zorluklary etmek ýaly köp sanly ýowuzlyklaryň” bolup geçýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Obama söweşijileriň toparyny “dargadyp, dolulygyna ýok etmägi” söz berdi.

Wideo

“Yslam döwleti” söweşiji toparynyň ulanan websaýtynda çap edilen wideoada mundan başga-da, Siriýanyň harbylary diýlip tanadylan, azyndan 15 adamyň kellesiniň kesilendigi aýdylýar.

Wideoda ýüzi nykaply söweşijileriň ýöriş bilen geçip, hersiniň öňünden taýýarlanyp goýlan harby pyçaklary alýan pursatlary görkezilýär. Mundan soň jeňçiller ýesirleri hatara düzüp, olary dyzlaryna çökerýärler. Söweşijiler ABŞ-ly esgerleriň hem şu ýagdaýa duçar boljakdyklaryny aýdyp, haýbat atýarlar.

Ak tam Kassigiň ölümini tassyklamazdan ozal “New York Times” neşiri onuň öldürilendigi barada amerikaly resmilere berk yşaratlaryň gelip gowşandygyny ýazýar.

Kassigiň maşgalasy öz ogullarynyň kellesiniň kesilýän pursatyny görkezýän wideony ulanmazlygy sorady.

Gürrüňi gidýän wideo köpçülikleýin ýazgarma duçar boldy. Fransiýanyň premýer-minsitri Manuel Walls ABŞ-ly kömek işgäriniň öldürilmegini “wagşyçylyk” diýip atlandyrdy.

Kassigiň maşgalasy onuň harby gullugyny tamamlandan soň kömekçi işgär bolup işläp başlandygyny gürrüň berdi. Dostlary Kassigiň yslamy kabul edip, Abdul-Rahman adyny hem alandygyny aýtdylar.

“Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri mundan ozal ABŞ-ly iki žurnalistiň – Jeýms Foleýiň we Stewen Stoloffyň – şeýle-de britan raýatlary Deýwid Hainesiň we Alan Henningiň kelleleriniň kesilýän pursatyny görkezýän wideolary ýaýradypdylar.

XS
SM
MD
LG