Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Eýranyň ýadro gepleşiklerinde “boşluklar” bar


Awstriýanyň paýtagty Wenada "Halkara atom energiýa gullugynyň" binasy.
Awstriýanyň paýtagty Wenada "Halkara atom energiýa gullugynyň" binasy.

Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmisi Eýranyň ýadro hereketleri babatynda soňky ylalaşyga gelmek ugrunda Tähran bilen dünýäniň iri alty ýurdunyň arasynda geçirilýän ýadro gepleşiklerinde “örän möhüm boşluklaryň” saklanyp galýandygyny aýtdy.

Wenada Eýran bilen dünýäniň iri alty ýurdunyň arasynda geçiriljek täze gepleşikler tapgyrynyň öňýanynda çykyş eden amerikan resmisi 24-nji noýabra çenli gepleşiklerdäki üýtgeşiklikleriň aýrylyp-aýrylmajagy nämälimdigine galýar diýdi.

“Biz bu gepleşikleriň ugrunda öňe gidişlikleri gazanmaga dowam edýäris, emma gepleşikleri tamamlamak üçin heniz hem boşluklar bar we henize çenli onuň tamamlanyp-tamamlanmajakdygyny bilmeýäris” diýip, amerikan resmisi belledi.

XS
SM
MD
LG