Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Ukrainadaky krizise Günbatar günakär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Moskwa, 18-nji noýabr, 2014

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Moskwa, 18-nji noýabr, 2014

Orsýet Ukrainadaky wakalar bilen baglylykda Birleşen Milletler Guramasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň üstüne hüjüme geçdi we Ukrainadaky konfliktiň Günbataryň 25 ýyllyk ekspansionizm, ýagny öz täsirini ýaýbaňlandyrmak syýasaty bilen bagly hereketleriniň netijesidigini aýtdy.

Orsýetiň parlamentiniň aşaky öýünde 19-njy noýabrda eden çykyşynda daşary işler ministri Sergeý Lawrow Günbataryň “Kiýewde uruş partiýasyny goldamagyň, adam hukuklarynyň gödek depelenmegine, bikanunçylyklara we uruş jenaýatçylyklaryna göz ýummagyň ýerine iki tarap üçin-de kabul ederlikli ylalaşyklar prosesini goldamalydygyny” aýtdy.

Lawrow gündogar Ukrainada aprel aýyndan bäri 4 100-den gowrak adamyň ölümine sebäp bolan hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky konflikte Orsýetiň gatnaşygyny inkär edip, Moskwanyň edýän çykyşlaryny gaýtalady.

Ol konfliktiň Ukrainanyň içerki meselesidigini we “Orsýeti konfliktiň bir tarapy hökmünde görkezmek boýunça ähli synanyşyklaryň netijesizdigini we üstünlikli bolup bilmejegini” belledi.

Lawrow döwlet telewideniýesinde göni efirde görkezilen Döwlet Dumasynda eden bu çykyşynda orsýetlileri Kremliň hak iş edýändigine ynandyrmaga çalyşdy we Orsýetiň Ukrainanyň Lugansk we Donetsk regionlarynyň uly böleklerini eýelän separatistlere göni harby ýardam berýändigi barada Günbataryň edýän aýyplamalaryny ret etdi.

Munuň öňüsyrasynda ýurtda öz täsirini artdyrmak üçin Günbatara garşy sözleri we hereketleri ulanýan prezident Wladimir Putin ABŞ Orsýeti özüne “garaşly edip”, öz problemalaryny biziň hasabymyza çözjek bolýar diýdi.

Lawrow hem Günbatara garşy garaýyşlary nygtap, Orsýetiň we onuň köne partnýory Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyga hiç hili alternatiwanyň ýokdugyny aýtdy.

Emma Lawrow Orsýetiň Günbatar bilen gatnaşyklarynyň deňhukuklylyk esasynda bolmalydygyny belledi we prezident Putiniň 2012-nji ýylda prezidentliginiň üçünji möhletiniň başynda kesgitlän daşary syýasatyna degişli maksatlaryny gaýtalady.

Awgust aýynda Orsýet Ýewropa Bileleşiginden we ABŞ-dan uly möçberli azyk önümleriniň importyny ýatyryp, Ukrainadaky krizis bilen baglylykda Günbataryň Orsýete garşy girizen sanksiýalaryna jogap berdi.

Gündogar Ukrainadaky konflikt Orsýetiň has uly territoriýalara gözegçilik etmek isleýän bolmagy barada onuň beýleki goňşularynyň arasynda hem aladalanmalary güýçlendirdi, şeýle-de Moskwanyň Günbatar bilen gatnaşyklaryny Sowuk uruşdan soňky derejä çenli pese düşürdi.

Gatnaşyklar Orsýetiň mart aýynda Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşmagy netijesinde bozuldy. Munuň öňüsyrasynda Ukrainanyň Moskwa tarapyndan goldanan prezidenti birnäçe aýlap dowam eden protestlerden soň ýurdy terk etdi. Protestçiler Ukrainanyň ÝB bilen syýasy we ykdysady ylalaşyklary baglaşmagyny talap edipdiler.

Kiýew we Günbatar Orsýeti separatistlere ýardam bermek üçin gündogar Ukraina ýarag we öz harbylaryny ibermekde aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG