Sepleriň elýeterliligi

"Al-Şabab" 28 adamy öldürdi


“Al-Şabab” toparynyň söweşijileri

“Al-Şabab” toparynyň söweşijileri

Kenýada Somaliden gelen “Al-Şabab” toparynyň söweşijileri ýurduň demirgazygynda bir awtobusy alyp gaçyp, onuň içindäki musulman bolmadyk 28 adamy öldüripdirler. Bu barada Kenýanyň polisiýasy maglumat berýär.

Polisiýa resmileri gürrüňi gidýän awtobusyň 22-nji noýabr güni ir bilen Kenýanyň Somali bilen serhediniň golaýynda alnyp gaçylandygyny mälim etdiler. Maglumata görä, içinde 60 töweregi ýolagçy bolan awtobus paýtagt Nairoaba barýan eken.

Kenýa 2011-nji ýylyň oktýabrynda Somali üçin harby hemaýat ýollandan soň, ýurtda ýarag we bomba hüjümleri köpeldi. Bularyň arkasynda Somlide hereket edýän “Al-Kaýda” bilen ilteşikli “Al-Şabab” toparynyň durandygy çaklanylýar. Resmileriň maglumatyna görä, 2011-nji ýyldan bäri Kenýada azyndan 135 hüjüm amala aşyrylypdyr.

XS
SM
MD
LG