Sepleriň elýeterliligi

Duma gyrgyz ylalaşygyna seretdi


Russiýanyň döwlet dumasy

Russiýanyň döwlet dumasy

Russiýa parlamentiniň aşaky öýi Gyrgyzystan bilen söwda gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan resminamany tassyklady. Gyrgyzystan häzirki pursat “Ýewraziýa” strukturalary bilen integrasiýa geçirýär. Prezident Wladimir Putin bulary ulanyp, ozalky Sowet respubliklary bilen has içgin gatnaşyklary ýola goýmaga synanyşýar.

Döwletiň eýeçiligindäki “TASS” habarlar gullugynyň maglumatyna görä, täze ylalaşyklara laýyklykda Gyrgyzystan nagt görnüşinde $1 milliard we beýleki karzlary alyp biler.

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew öz ýurdunyň “Gümrük birligine” goşulmakçydygyny mälim etdi. “Gümrük birliginiň” düzümine Russiýa, Gazagystan we Belarus girýär.

“Gürmük birligi” “Ýewraziýa ykdyasy bileleşigine” tarap geçiji bir sepgit hökmünde häsiýetlendirilýär.

XS
SM
MD
LG