Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mubarakdan aýyplama aýryldy


Müsüriň ozalky prezidenti Hosni Mubarak
Müsüriň ozalky prezidenti Hosni Mubarak

29-njy noýabrda Müsüriň sudy häkimiýetden çetleşdirilen ozalky prezident Hosni Mubaraka we onuň ýokary derejeli howpsuzlyk ýolbaşçylaryna adam öldürmek baradaky bildirilen aýyplamalary ýatyrdy.

86 ýaşyndaky Mubarak 2011-nji ýylda bolan hökümete garşy protestleriň dowamynda demonstrantlaryň ölümine dahylly bolmakda aýyplanyp, 2012-nji ýylda ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi. 2011-nji ýyldaky şol protestleriň netijesinde Mubarak häkimiýetden çetleşdirilipdi.

Sud protestçileriň ölümine sebäpkär bolmakda aýyplanan başga-da bäş sany ýokary derejeli howpsuzlyk resmisini, şol sanda ýurduň ozalky içeri işler ministri Habib al-Adlyny hem aklady.

Özüne bildirilýän aýyplamalary inkär edýän Mubarak häzir korrupsiýa işi bilen baglylykda üç ýyl bäri tussaglykda saklanylýar.

XS
SM
MD
LG