Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew Aşgabada bardy


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew resmi sapar bilen Aşgabada bardy.

Resmi metbugatda berilýän maglumata görä, gazak prezidentiniň Türkmenistana edýän bu saparynyň çaginde türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer, şol sanda halkara syýasatyň özara bähbitli käbir ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek dogrusynda gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.

Şeýle-de, 3-nji dekabrda türkmen prezidenti Berdimuhamedowyň, gazak prezidenti Nazarbaýewiň we Eýranyň prezidenti Hasan Rohaniniň gatnaşmagynda Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň açylyş dabarasynyň bolmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG