Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TI: Öňki S.Soýuzynda korrupsiýa giňden ýaýran


Öňki Sowet ýurtlarynda korrupsiýa saklanyp galýar.
Öňki Sowet ýurtlarynda korrupsiýa saklanyp galýar.

“Transparency International” guramasynyň täze ýaýradan raportyna görä, korrupsiýa öňki Sowet Soýuzynyň we Balkanlaryň çägindäki ýurtlaryň aglabasynda giň gerimde saklanyp galýar.

3-nji dekabrda “Transparency International” guramasy “Korrupsiýanyň indeksi 2014” atly ýyllyk hasabatyny ýaýratdy. Onda öňki Sowet Soýuzynyň düzümindäki, Baltik ýurtlaryndan gaýry, ähli respublikalar 50 bal derejesinde ýa-da onuň aşagynda ýerleşdirilipdir. Bu hasabatda 0 bal derejesi ýurduň ýokary derejede korrumpirlenendigini we 100 bal derejesi ýurtda parahorlugyň düýbünden ýokdugyny aňladýar.

Şeýle-de, hasabatda Owganystan iň korrumpirlenen ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirilip, ol 175 ýurduň arasynda 172-nji ýerde goýlupdyr. Şol bir wagtyň özünde Owganystan geçen ýyl bilen deňeşdirilende parahorlugy ýok etmekde “uly özgerişlikleriň” amala aşyrylan ýurtlaryň biri diýlip häsiýetlendirilýär.

XS
SM
MD
LG