Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa telekanaly suda berjek diýýär


Russiýanyň atletika boýunça federasiýasynyň prezidenti Walentin Balakhniçew .
Russiýanyň atletika boýunça federasiýasynyň prezidenti Walentin Balakhniçew .

Russiýanyň atletika boýunça federasiýasynyň prezidenti German telewideniýesine garşy sud işini gozgap biljekdigini aýdýar. Gürrüňi gidýän kanalda rus türgenleriniň dowamly doping serişdelerini ulanýandygy öňe sürülýär.

Walentin Balakhniçew “bu gepleşigiň rus sportyny abraýdan düşürmek üçin edilen prowokasiýa” bolandygyna ynanýandygyny aýtdy.

Ol “töhmet” diýip atlandyran bu aýyplamalara garşy ähli mümkin çäreleri görmek ugrunda maslahat edilýändigini hem sözüne goşdy.

Şol bir wagtda Russiýanyň dopinge garşy edarasy bu aýyplamalar esasynda öz barlagyny geçirjekdigini hem mälim etdi.

Germaniýanyň ZDF/ARD telekanalynda görkezilen bir sagatlyk dokumental fliminde rus türgenleridigini aýdýan adamlar doping ulandyklaryny boýun alýarlar.

Wideoda Russiýanyň ýokary derejeli resmileri we rus türgenleriniň arasyndaky parahorlyk barada hem gürrüň edilýär. Atletleriň federasiýasynyň halkara bileleşigi bu maglumatlary “howply aýyplamalar” diýip, atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG