Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran “YD” garşy zarbalary tassyklady


Tähran mundan öň Yrakda howa hüjümlerini amala aşyrýandygyny inkär edip gelýärdi.
Tähran mundan öň Yrakda howa hüjümlerini amala aşyrýandygyny inkär edip gelýärdi.

Eýranyň ýokary derejeli resmisi ýurduň goňşy Yrakdaky “Yslam döwleti” toparyna garşy howa zarbalaryny amala aşyrandygyny tassyklady. Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Ebrahim Rahimpur munuň Yragyň hökümetiniň haýyşy esasynda amal edilýändigini aýtdy.

Ol: “Muny etmek bilen biz Yrakdaky dostlarymyzyň bähbidini goraýarys” diýdi.

Rahimpur howa hüjümleriniň ABŞ bilen koordinirlenmeýändigini hem belledi. ABŞ hem Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” atly ýaragly toparyna garşy howa zarbalaryny amala aşyrýar.

Tähran mundan öň Yrakda howa hüjümlerini amala aşyrýandygyny inkär edip gelýärdi.

XS
SM
MD
LG