Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet, Serbiýa we Wengriýa energiýany maslahat etdiler


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç we Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban bilen energiýa hyzmatdaşlygyny telefon arkaly maslahat etdi.

Kemliň aýtmagyna görä, Putin Orsýetiň geçen hepdede “Günorta akym” gazgeçiriji proýektini ýatyrmagy bilen baglylykda “energiýa ugrundaky gatnaşyklaryň geljegini” maslahat edipdir.

“Günorta akym” Gara deňziň düýbünden Bolgariýa, soň Wengriýa we Serbiýa çekilmelidi.

Belgrad bu proýekte berk goldaw bildiripdi. Ýewropa Bileleşigi bolsa munuň monopoliýa garşy öz kanunlarynyň birnäçesini bozýandygyny aýdypdy. Putin bu gazgeçirijisine derek Türkiýä turba çekip, Türkiýe bilen Gresiýanyň serhediniň golaýynda gaz merkezini döredip, Ýewropa gaz akdyryp biljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG