Sepleriň elýeterliligi

Putin Karimow bilen duşuşýar


Russiýanyň maliýe ministriniň berýän maglumatyna görä, rus prezidenti Wladimir Putiniň 10-njy dekabrda Özbegistana edýän saparynyň çäginde Moskwa Daşkendiň 890 million amerikan dollaryna barabar bolan karzynyň uly bölegini goýbolsun eder.

Bu barada rus maliýe ministri Anton Siluanow, Putin özbek prezidenti Yslam Karimow bilen duşuşan mahaly mälim etdi.

Siluanow Russiýa Özbegistanyň Moskwa bermeli karzynyň 860 million amerikan dollaryny goýbolsun etmegi planlaşdyrýar we rus hökümeti bu karary öňümizdäki hepde tassyklamagy meýilleşdirýär diýdi.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy darganyndan bäri, Russiýa bilen Özbegistanyň arasynda dartgynly gatnaşyklar saklanyp galdy.

XS
SM
MD
LG