Sepleriň elýeterliligi

Rublyň derejesi täze iň pes derejesine düşdi


Rublyň derejesi täze iň pes derejesine düşdi.

Rublyň derejesi täze iň pes derejesine düşdi.

Rus rublynyň hümmeti amerikan dollaryna görä pese gaçyp, 12-nji dekabrda 1 amerikan dollary 57 rubldan hem ýokary boldy. Bu ýarym ýylyň dowamynda rublyň hümmetiniň amerikan dollaryna görä, ýarym esse pese gaçandygyny aňladýar.

Russiýanyň rublyň hümmetini saklamak ugrunda edýän tagallalaryna garamazdan, rus pul birligine garşy amerikan dollarynyň we ýewronyň hümmeti ýokarlanmaga dowam edýär.

12-nji dekabrda öýlän Moskwanyň pul alyş-çalyş nokatlarynda 1 amerikan dollary 57,31 rubl derejesinde boldy, soňra ol birneme pese gaçyp 57,5 rubl deresine ýetdi. 1 ýewro 71 rublden hem ýokary derejede boldy.

11-nji dekabrda Russiýanyň merkezi banky özüniň ýyllyk göterim derejesini 9,5%-den 10,5%-e çykardy. Bu san mart aýynda 5,5%-e barabardy.

XS
SM
MD
LG