Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda dört adam höküm edildi


Täjigistanyň sudy “Yslam” dininiň ýurtda gadagan edilen ugruna ýykgyn etmekde günäli tapylan, dört adamy türme tussaglygyna höküm etdi.

Täjigistanyň Ýokary sudunyň 11-nji dekabrda beren maglumatyna görä, ýurduň günortasyndaky Kurgan-Depe regionynyň sudy Yslam dininiň “salafy” ugruny yzarlaýan dört adamyň üçüsini bäş ýyl, birini alty ýyl iki aý türme tussaglygyna höküm edipdir.

Höküm edilen tussaglaryň dogan-garyndaşlary aýyplamalaryň toslamadygyny aýdyp, olaryň Yslam dininiň “salafy” ugruna ýykgyn etmeýändigini bellediler.

Täjigistanda Yslam dininiň “salafy” ugry ekstremist diýlip atlandyryp, 2008-nji ýylda gadagan edilipdi.

XS
SM
MD
LG