Sepleriň elýeterliligi

Rahmon: “YD” täze epidemiýadyr


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon “Yslam döwleti” söweşiji toparyny “global howpsuzlyga wehim salýan” täze “epidemiýa” diýip atlandyrdy.

Prezidentiň metbugat gullugyna görä, şeýle-de Rahmon ýaşlaryň ýüzlerçesiniň “Yslam döwletiniň” düzüminde Siriýada söweşmek üçin Täjigistany terk edýändigine aladalanma bildirdi.

“Frans Press” agentligine görä, Täjigistanyň howpsuzlyk güýçleri 300 çemesi täjigistanlynyň Siriýada söweşlere gatnaşmagyny we 50 çemesi adamyň öldürilendigini çak edýär.

Täjigistanda gadagan edilen “Jamaat Ansarullah” yslamçy toparyň 12 agzasy Siriýadaky söweşlere adam çekmekde güman edip, noýabrda tussag edildi.

Dekabryň başynda hökümet Siriýada söweşmek üçin hakyna tutulan 50 çemesi ýaş adamy tussag etdi.

XS
SM
MD
LG