Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Jyhadçy wideony çap eden websahypa ýapyldy


Gyrgyzystanyň resmileri Siriýada “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri tarapyndan kontrolluk edilýän territoriýalarda ýaşaýan gazak çagalarynyň wideo ýazgysyny çap eden “Kloop.kz” websahypasyny ýapdy.

15-nji dekabrda “Kloop.kz” websahypasynyň “PorHost” serwerinde çap edilen maglumatda websahypanyň Gyrgyzystanyň döwlet aragatnaşyk websahypasynyň buýrugy esasynda ýapylandygy mälim edilýär.

Noýabr aýynda “Kloop.kz” websahypasynda gürrüňi gidýän gazak çagalary barada çap edilen maglumat we wideo ýazgy Gazagystanyň resmilerini gaharlandyrypdy.

Çap edilen şol wideo ýazgyda gazak çagalary musulman bolmadyk adamlary öldürmek bilen haýbat atýarlar. Gazagystan şuňa meňzeş mazmunly wideo ýazgylary çap eden websahypalary petikläpdi we “Kloop.kz” websahypasynyň petiklenmegi üçin gyrgyz resmilerine gyssagly basyş edipdi.

XS
SM
MD
LG