Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Türkmen komandiri öldürildi


Jesediň golaýynda duran adamyň aýagy.

Jesediň golaýynda duran adamyň aýagy.

Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynda “Talyban” söweşijilerine garşy göreşýän “Arbaki” atly türkmenleriň ýaragly toparynyň ýene bir komandiri öldürildi. Gunduzyň Akdepe etrabynda bolan çaknyşykda Nadyr komandir heläk bolup, onuň bir jan penasy ýaralandy.

“Arbaki” atly ýerli ýaragly toparyň ýolbaşçysy Nadyr komandir.

“Arbaki” atly ýerli ýaragly toparyň ýolbaşçysy Nadyr komandir.

Ýerli ýaşaýjylaryň berýän maglumatyna görä, çaknyşykda “Talyban” söweşijilerinden hem ençemesi öldürilipdir.

Şol bir wagtyň özünde Owganystanyň Içeri işler ministrligi hem “Arbaki” atly türkmenleriň ýerli ýaragly toparynyň “Talyban” söweşijilerine garşy göreşde üstünlik gazanýandygyny mälim etdi.

Bu wakalar barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady giňişräk maglumat berýär. Maglumaty aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG