Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan sud prosesi «kanuny» diýýär


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan opponentlere garşy başlanan kanun prosesiniň «arassa we kanundygyny» aýtdy.

Bu proses Ýewropa Bileleşigi tarapyndan berk tankyt edildi. "Men bu prosese, ýurduň prezidenti hökmünde, ýakyndan syn edýärin. Hemme zat kanuny we prosedura esasynda alnyp barylýar" diýip, Erdogan 20-nji dekabrda telewideniýede berlen sözünde aýtdy.

Ol bu sözleri Stambulyň sudy Fethulla Güleni tussag etmek barada karar çykarandan bir gün soň aýtdy.

Erdogan Güleni Birleşen Ştatlarda bosgunlykda ýaşaýan ýerinden "parallel döwlet» dolandyrmakda aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG