Sepleriň elýeterliligi

Pariždäki gurama Türkiýä çagyryş etdi


Düýbi Parižde ýerleşýän adam hukuklaryny goraýan topar Türkiýä geçen hepde Stambulda tussag edilen täjik oppozision syýasatçysy Umarali Kuwatowyň we onuň üç kärdeşiniň adam hukuklaryna hormat goýmaga çagyrdy.

20-nji dekabrda “Merkezi Aziýanyň Adam hukuklary” boýunça assosiasiýasynyň başlygy Nadežda Ataýewa Türkiýä adam hukuklary boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, dört adamy aklawçylar bilen üpjün etmäge we olary BMG-niň bosgunlar boýunça edarasynyň wekilleri bilen duşuşmagyna rugsat bermäge çagyryş etdi.

19-njy dekabrda tussag edilen Kuwatow türk resmileriniň özüne “oňat garaýandygyny” aýtdy.

Kuwatowyň “Group 24” guramasy 10-njy dekabrda Duşenbede protestleri geçirmäge çagyryş edensoň, ol “ekstremist gurama” diýlip, Täjigistanda gadagan edildi.

XS
SM
MD
LG