Sepleriň elýeterliligi

Gong Kong: 12 protestçi tussag edildi


Gong Kongyň polisiýasy 12 protestçini tussag etdi. Bu waka demokratiýa tarapdar demonstrantlar mundan iki aý ozal eýelän, soňra polisiýa tarapyndan dargadylan sebitde protestleri geçirmäge dolanan mahaly bolup geçdi.

Polisiýanyň 25-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda Mong Kok kiçi etrapçasyndaky protestleri dargatmak üçin burçly suwuklygyň we taýagyň ulanylandygy mälim edilýär.

Maglumata görä, polisiýa demonstrantlary polisiýa ofiserine hüjüm etmekde we öz şahsyýetini anyklaýan resminamany görkezmek dogrusynda şowsuz bolmakda aýyplap, tussag edipdir.

Şeýle-de, polisiýanyň beýanatynda iki polisiýa ofiseriniň ýaralanandygy bellenilýär.

Protestçiler raýatlara kandidatlaryň açyk sanawyndan öz liderlerini saýlamaga rugsat berilmegini talap edýärler.

XS
SM
MD
LG