Sepleriň elýeterliligi

AÝ/AR-nyň Bakuwdaky býurosy möhürlendi


AÝ/AR-nyň Bakuwdaky býurosy möhürlendi.

AÝ/AR-nyň Bakuwdaky býurosy möhürlendi.

Şu gün irden (26-njy dekabr), polisiýa bilen döwlet prokuratura edarasynyň derňewçileriniň geçiren reýdinden soň, Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň Bakuwdaky býurosynyň gapysy möhürlendi.

AÝ/AR-nyň Waşingtondan ýaýradan beýanatynda ýurduň iň soňky garaşsyz media serişdeleriniň biriniň hem sem edilmekçi bolýan ýaly görünýändigi aýdylýar.

AÝ/AR-nyň baş redaktory we egindeş ýerine ýetiriji başlygy Nenad Peýç Bakuwdaky edara reýd geçirilmegini «Azerbaýjanyň öz boýnuna alan halkara borçlarynyň we standartlarynyň her birini gödek bozmagy» hökmünde ýazgaryp çykyş etdi.

"Ýokardan gaýdan buýrugyň arkasynda biziň berýän gepleşiklermiz üçin öç almak we AÝ/AR-nyň sem edilmegi babatdaky gazaply synanyşyk dur. Bu režimiň bizi sem etmek ugrundaky birinji synanyşygy däl we biz azerileriň maglumat almak we diňleýjilere zerur habarlary ýetirmek azatlygy baradaky düýp hukuklaryna goldaw bermek işimizi dowam etdireris.»

Derňewçiler we ýaragly polisiýa 26-njy dekabrda AÝ/AR-nyň Azerbaýjan gullugynyň Bakuwdaky býurosyna kürsäp urup, olar kompaniýanyň seýfini talap, dokumentleri we resmi möhürleri konfiskasiýa edýän mahaly, işgärleriň bir otagda oturmaklaryny buýurdylar. Işgärler birnäçe sagatdan azatlyga goýberildi, emma soň dört işgär, sorag etmek üçin, prokuratura edarasyna çagyryldy.

Suduň kararynda býurony dökmekligiň Azerbaýjan gullugy babatda alnyp barylýan derňewiň bir bölegidigi aýdylýar, ýagny onuň daşary ýurtdan maliýeleşdirilýän hökümetden aýry guramalar we azeri kanunlary bilen baglylykda barlanýandygy görkezilýär.

Azerbaýjan gullugynyň direktory Kenan Alyýew bu reýdi Azerbaýjanda garaşsyz media we hökümetden aýry guramalara garşy alnyp barylýan kampaniýanyň bir bölegi hökmünde häsiýetlendirdi.

Ol bu kampaniýanyň Azatlyk radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň programma alyp baryjysy we hyzmatdaşy Hatyja Ysmaýylowanyň tussag edilmegini hem öz içine alýandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretarynyň kömekçisi Tom Malinowskiý 18-nji dekabrda AÝ/AR-nyň rus dilindäki «Häzirki wagt» telewizion programmasynda Birleşen Ştatlaryň resmileri azeri kärdeşleri bilen golaýda bolan tussag etmeler barada «örän çynlakaý gürrüňleri» etdiler diýdi. Şeýle-de ol raýat jemgyýetiniň basylyp ýatyrylmagy Azeraýjanyň Birleşen Ştatlar bilen gatnaşyklaryna wehim salýar diýdi.

Şu ýyl birnäçe halkara guramasy, şol sanda IREX , Milli Demiokratiýa instituty, Oxfam özleriniň Azerbaýjandaky işlerini togtatmaga mejbur edildi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG