Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan martda prezident saýlar


Özbegistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy ýurduň indiki prezident saýlawlarynyň 29-njy martda geçiriljekdigini yglan etdi.

Komissiýanyň 26-njy dekabrdaky habarynda saýlawlar üçin kampaniýanyň derhal başlanmalydygy aýdylýar.

Iş başyndaky prezident Yslam Karimow ýurda 1991-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär we, gelýän ýylyň ýanwarynda 77 ýaşaýandygyna garamazdan, wezipede galmak isleýändigini bildirdi.

Özbegistanyň baş kanuny esasynda hiç kim iki möhletden artyk prezident saýlanmaly däl. Karimow 2007-nji ýylyň dekabrynda üçünji möhlete prezident saýlananda, bu düzgüne seredilmedi.

Şeýle-de onuň prezidentlik möhletleri iki gezek referendum arkaly uzaldyldy.

XS
SM
MD
LG