Sepleriň elýeterliligi

Eýranly generalyň jynazasy geçirildi


Brigada generaly Hamid Tagawi.

Brigada generaly Hamid Tagawi.

Yrakda ýerli güýçlere maslahat beriji tälimleri geçirýän mahaly, öldürilen eýranly general üçin Eýranyň paýtagty Tähranda jaýlanyş merasymy geçirildi.

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň berýän maglumatyna görä, brigada generaly Hamid Tagawiniň jesedi, onuň dogduk şäheri Ahwazda jaýlanýar.

Eýranyň Rewolýusiýa gwardiýasynyň 28-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda “brigada generaly Hamid Tagawi Yragyň Samara şäherinde yrakly meýletinçilere we ýurduň armiýasyna maslahat beriji tälimleri geçirýän mahaly şehit boldy” diýilýär.

Eýranyň döwlet mediasynyň berýän maglumatyna görä, Tagawi snaýper, ýagny mergen tarapyndan atylyp öldürilipdir.

29-njy dekabrda jyhdaçylaryň çap eden internet forumynda Tagawiniň “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri tarapyndan öldürilendigi öňe sürülýär.

XS
SM
MD
LG