Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gani: ABŞ esgerleriň çykarylmagyna "gaýtadan seretmeli"


Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani.
Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani Birleşen Ştatlaryň telewideniýesine beren interwýusynda Birleşen Ştatlar Owganystanda galan amerikan esgerleriniň ýurtdan çykarylmagynyň tertibine “gaýtadan seretmegi” isläp biler diýdi.

Bu barada owgan prezidenti 4-nji ýanwarda Birleşen Ştatlaryň “60 minut” atly telegepleşiginde eden çykyşynda belläp geçdi.

1-nji ýanwardan başlap Owgan güýçleri ýurduň howpsuzlygynyň jogapkärçiligini doly öz üstüne aldy. Şondan soň, Owganystandaky 140 müň daşary ýurt goşunyndan diňe 13 müň sanysy ýurtda saklanyp galdy. Olar Owganystanda owgan güýçlerini türgenleşdirmegi maksat edýän missiýanyň bir bölegi hökmünde hereket ederler. Bu missiýa iki ýyl dowam eder.

XS
SM
MD
LG