Sepleriň elýeterliligi

“Talyban” Hytaýda gepleşikleri geçirdi


Metbugat maglumatlarynda ýakynda “Talyban” delegasiýasynyň Hytaýyň resmileri bilen gepleşikleri geçirmek üçin Pekine sapar edendigi habar berilýär.

1-nji ýanwardan bäri Owganystanyň we Pakistanyň metbugat serişdeleri “Talybanyň” Dohadaky syýasy edarasynyň wekili Kari Din Mohammadyň (Qari Din Mohammad) ýolbaşçylygyndaky “Talyban” delegasiýasynyň Owganystandaky ýagdaýlary maslahat etmek üçin noýabr aýynyň ahyrynda Hytaýa sapar edendigini habar berýärler.

Pakistanyň "The News International", ýagny “Halkara habarlary” atly neşiriniň 2-nji ýanwarda çap eden maglumatyna görä, “Talyban” delegasiýasy täze owgan prezidenti Aşraf Ganiniň Hytaýa eden dört günlük resmi saparynyň yzýany Pekine barypdyr.

Ganiniň Pekine eden saparynyň dowamynda Hytaý Owganystanyň, Pakistanyň, Hytaýyň we “Talybanyň” wekilleriniň gatnaşmagynda “parahatçylyk we ýaraşyk forumyny” geçirmegi teklip edipdi.

XS
SM
MD
LG