Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Heläkçilikde 13 adam öldi


Gündogar Ukrainada bolan ýol heläkçiliginde Ukrainanyň milli gwardiýasynyň 13 agzasy öldi.

Ukrain resmileriniň berýän maglumatyna görä, adam ýitgileriniň aglabasy 5-nji ýanwarda Donetsk regionyndaky agyr howa şertleri zerarly harby ulag bilen awtobusyň çaknyşan mahaly bolupdyr.

Ýol heläkçiliginden soň, keselhana ýerleşdirilen 12 esgeriň biri 6-njy ýanwarda aradan çykdy.

Ukrainadaky konfliktler zerarly geçen ýylyň aprel aýyndan bäri 4 700-den gowrak adam wepat boldy.

5-nji sentýabrda ok atyşygy bes etmek barada Ukrain hökümeti bilen orsparaz separatistleriň arasynda gol goýlan ylalaşyga garamazdan, regionda çaknyşyklar dowam edýär.

XS
SM
MD
LG