Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Madonnanyň "owadanlan" suratlary galmagal turuzdy


Madonna (çepde) we Britaniýanyň korollyk maşgalasynyň owalky agzasy, korollygyň gelni Diana.
Madonna (çepde) we Britaniýanyň korollyk maşgalasynyň owalky agzasy, korollygyň gelni Diana.

Meşhur aýdymçy Madonnanyň Instigram sosial ulgamyndaky sahypasynda goýan suratlary galmagal turuzdy.

Aýdymçy özüniň "Rebel Heart" (Gozgalaňçy ýürek) atly täze albomyny sosial mediada tanatmaklyk üçin, adatylyga garşy gelýän häsiýetde, tanymal şahsyýetleriň kellelerine ýüp oralan görnüşdäki suratlaryny ulanypdyr.

Ol suratlary Madonna onuň öz janköýerleri "owadanlap” beripdirler.

Emma ABŞ-da garaýagyzlaryň (negrleriň) hak-hukuklary ugrunda göreşýän Martin Luther Kingiň, Günorta Afrikada milletparaz režime garşy çykan Nelson Mandelanyň we Britaniýanyň korollyk maşgalasynyň owalky agzasy, korollygyň gelni Diananyň "owadanlanan" suratlary, görnüşine görä, hödür edilen manysynda köpçülik tarapyndan oňaýly kabul edilmändir.

Martin Luther King we Nelson Mandela
Martin Luther King we Nelson Mandela

Facebook sosial ulgamynda köp adam meşhur aýdymçyny bu sebäpden biderek zatlar bilen meşgullanmakda we tanymal şahsyýetleriň arkasyndan öz biznesine peýda görmäge synanyşmakda, hatda milletparazlykda aýyplapdyrlar.

"Men özümi hiç kime deňemeýärin" diýen Madonna agzalan tankytlara Facebookda şeýle jogap beripdir: "Men olaryň adaty durmuşa garşy çykan gozgalaňçy-täzelikçi ruhlarynyň janköýeri. Bu ne jenaýat, ne kemsitmeklik, ne-de milletparazlyk bolýar… Men öz durmuşymda ol tanymal şahsyýetleriň eden işleriniň iň bolmanda ýüzden bir bölegini etmäge synanyşýaryn".

"Guardian" gazetiniň ýazmagyna görä bolsa, 56 ýaşyndaky meşhur aýdymçy hiç wagt milletparazlyk etmändir, diňe ol sosial mediada ýagdaýlaryň başgaça seslenme döredip bilýändiginden bihabar öz içerki duýgularyny beýan etmek isläpdir.

Madonnanyň gürrüňi edilýän bu täze albomy geçen aý satuwa çykarylypdy.

XS
SM
MD
LG