Sepleriň elýeterliligi

Gökdepe: Unudylan Hatyra


Gödepe galasy ugrundaky söweşi şekillendirýän eser

Gödepe galasy ugrundaky söweşi şekillendirýän eser

Adatça, häzire çenli 12-nji ýanwar garaşsyz Türkmenistanda Hatyra güni hökmünde bellenilýärdi. Emma bu ýyl ýagdaý üýtgedi.

Birnäçe aý mundan öň türkmen häkimiýetleri Hatyra gününi başga wagta geçirip, ony beýleki bir gynançly sene bilen birikdirip, 6-njy oktýabrda, ýagny 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň hormatyna tutulýan ýas güni bilen bilelikde bellemek kararyna geldiler.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 1990-njy ýyldan bäri bellenýän Hatyra gününiň senesini näme sebäpden üýtgedýändigini halka düşündirmedi. Aslynda Berdimuhamedow we onuň baştutanlyk edýän hökümeti öz hereketleriniň sebäbini halka seýrek düşündirýärler.

Emma Hatyra gününiň ýatyrylmagyna Orsýetiň öňünde baş egmek, ýagny türkmen hökümetiniň Orsýetiň göwnüne degmek islemeýändiginiň alamaty hökmünde garaýanlar-da bar. AÝ/AR-nyň Türkmen gullugy “Azatlykdaky” käbir kärdeşlerimiň aýtmagyna görä, türkmen resmileri eýýäm ençeme ýyl bäri Hatyra güni bilen bagly edýän çykyşlarynda Orsýetiň adyny agzamakdan gaça durýarlar. Olar bu meselede diňe “duşman” diýen sözi ulanmak bilen çäklenýärler.

Hatyra güni türkmenler öz taryhyndaky agyr pursaty, ýagny 1881-nji ýylda Gökdepe galasyny gorap, agyr söweşlerde wepat bolanlary ýatlap, olara hormat goýýarlar. Gökdepe urşy patyşa goşunlarynyň türkmenlere garşy alyp baran iň soňky uly söweşi bolupdy we şondan soň häzirki Türkmenistanyň territoriýasy tä 1991-nji ýyla çenli, ýagny SSSR ýykylýança, Orsýetiň koloniýasyna öwrülipdi.

Türkmenler üçin Gökdepe galasy ugrundaky söweş diňe bir adam ýitgileri bilen çäklenmän, eýse ullakan betbagytçylyga öwrülipdi.

Patyşa goşunlary 1870-nji ýyllaryň başyndan beýläk Kaspiý deňziniň kenarlaryndaky harby bazalaryndan Turkmenistanyň topragyna aralaşyp ugrady. Şol döwürde türkmenler öz ýurdunda erkin ýaşaýardylar. Ol döwürde türkmenleriň käbir toparlary alamançylyk bilen meşgullanýardylar. Alamançylar diňe bir ötegçi kerwenleri talamak bilen çäklenmän, eýse goňşy ýurtlardan, şol sanda orslardan hem adamlary ýesir alyp, olary bazarlarda gul edip satýardylar. Orslar häzirki Türkmenistanyň çäklerinde 18-nji asyrda, ýagny Orsýet Merkezi Aziýany basyp almaga girişenden soň peýda bolupdy.

Orsýetiň goşunlary 40 000 ilatly berkidilen şäher bolan Gökdepä ilkinji gezek 1879-njy ýylda hüjüm edipdiler, emma ol gezek ors goşunlarynyň sany-da, üpjünçiligi-de galany gabamak üçin ýeterlik däldi, olaryň sany 4000 çemesidi.

Orslar galany gönüden-göni basyp almaga synanyşanlarynda, güýçli gaýtarga duçar bolup, uly ýitgiler çekip, yza çekilipdiler we Hazar deňziniň kenaryna aşmak üçin çölüň içi bilen gitmeli bolupdylar. Bu şowsuzlyk, Orsýetiň ozal Merkezi Aziýada 1717-nji ýylda Hywa topragynda uçran ýeňlişinden soň, duçar bolan iň uly şowsuzlygydy. Türkmenler bilen bolan söweşlerde birnäçe ýüz ors esgerleri öldürildi we köp sanly ors esgerleri-de ýesir düşdüler.

Şowsuzlyga jogapkär diýlip hasap edilen general derhal wezipesinden boşadyldy we indiki ýylda bu ýere general Mihail Skobelewiň ýolbaşçylygynda täze goşun iberildi. Merkezi Aziýada general Skobelew ýaly ýiti garşylykly reaksiýa döredýän orslar o diýen köp däldir.

Skobelew 1877-1878-nji ýyllaryň ors-türk urşundan başga-da, 1868-nji ýyldan beýläk Orsýetiň Merkezi Aziýadaky beýleki harby kampaniýalaryna gatnaşypdy.

Skobelew 1979-njy ýylda türkmenleriň üstüne özünden öňki goşundan has taýýarlykly geldi. Emma harby taýdan düýpli öwrülişik döreden waka 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda boldy. Orslar galanyň diwarlarynyň aşagyndan garym gazyp, galany partlatdylar we galanyň diwarynyň uly bölegini ýumurdylar. Ors goşuny galanyň içine girip, 6 500 çemesi adamy öldürdiler. Munuň bilen hem çäklenmän, basybalyjylar galadan gaçyp çykan aýal-gyzlaryň, çagalaryň we garry adamlaryň yzyndan kowalap, şol gün ýene-de 8 000 adamy öldürdiler.

"London Daily News" gazetiniň habarçysy Edmund O'Donowan şol bolan wakalaryň gözli şaýadydy. Ol bu ganly wakalar barada şeýle ýazýar: “Hiç kim gutulmady, hatda ýaş çagalar we garrylarda. Orslar olaryň hemmesini gylyçdan geçirdiler. Gaçmaga synanyşanlardan 8 000 çemesi adamyň wepat bolandygy aýdylýar, galanyň içinden hem ýene 6 500 adamyň jesedi tapyldy”.

O'Donowan Britaniýada rusofobiýa asyrynda ýaşapdy we onuň häsiýetlendirmeleri öz döwrüniň garaýyşlaryna mahsus bolupdy. Muňa garamazdan, wepat bolanlaryň sany takyk görkezildi, şol bir wagtda-da öldürilenleriň köpüsiniň erkek adamlar bolandygy soň anyklandy.

Peter Hopkirk “Uly oýun” atly kitabynda Skobelewiň Gök-Depedäki gyrgynçylygy aklap şeýle diýendigini ýazýar: “Duşmanyňa garşy näçe ýowuzlyk görkezip bilseň, parahatçlygyň döwri şoňa laýyk bolýar. Olary näçe güýçli ursaň, olar şonça-da ümsüm bolarlar”.

Şu günki gün, şol wakalardan 135 ýylyň geçeninden soň, garaşsyz Türkmenistanyň hökümeti Gökdepe we Hatyra güni barada mundan beýläk dymmak kararyna geldi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG