Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň deputaty Bakuwa çagyryş etdi


Hatyja Ismaýilowa.
Hatyja Ismaýilowa.

Birleşen Ştatlaryň kongresmeni Azerbaýjany tussaglykdaky žurnalist Hatyja Ismaýilowany azatlyga goýbermäge çagyrdy we azeri resmilerini Azatlyk Radiosynyň Bakuwdaky býurosynyň edarasyna edilen reýd üçin tankyt etdi.

Birleşen Ştatlaryň deputaty Dana Rohrabaşeriň (Dana Rohrabacher) 13-nji ýanwarda ýaýradan beýanatynda, geçen aý Ismaýilowanyň tussag edilmegi we onuň yzýany Azatlyk Radiosynyň Bakuwdaky ofisine reýd geçirilmegi “Azerbaýjanyň hökümeti tarapyndan ýurtda metbugat azatlygynyň we ilatyň çykyşlarynyň çäklendirilmegi ugrunda ädilýän birnäçe ädimiň käbirleridir” diýilýär.

Şeýle-de, Rohrabaşer öz beýanatynda Ismaýilowanyň boşadylmagy “dogry ugur boýunça ädilen ädim we Azerbaýjanyň oňyn niýetleriniň alamaty bolar” diýýär.

Hatyja Ismaýilowa kimdir birini öz janyna kast etmäge iteklemekde güman edilip, onuň iki aý deslapky tussaghanada saklanylmalydygy barada geçen ýylyň 5-nji dekabrynda karar çykarylypdy.

XS
SM
MD
LG