Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Kabinet sorag astynda


Owgan kanunçykaryjylary

Owgan kanunçykaryjylary

Owganystanda häkimiýet başyna geçen täze ýolbaşçylaryň täze hökümeti düzmek ugrundaky tagallalary ençeme aýa çekdi. Netijede deputatlaryň ynamyny we goldawyny gazanmak üçin parlamente hödürlenen Ministrler Kabinetine işe başlamazdan ozal dargamak howpy abanýar.

Esasy problema Kabinet agzalarynyň ençemesiniň goşa raýatlyga eýe bolmagy we olaryň etdi diýilýän jenaýatçylykly hereketleri bilen bagly.

Bu aýyplamalar prezident Aşraf Gani bilen onuň garşydaşy Abdylla Abdyllanyň hödürlän we 27 adamdan ybarat Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň ýarpysyndan gowragyny öz içine alýar. Netijede sanawdaky ýolbaşçylaryň ýarpysyndan gowragynyň ýolbaşçylyk tagallalary howp astynda.

Eger bu gorky hakykata öwrülse, onda bu Gani üçin ullakan yza tesiş bolar. Sebäbi onuň Abdylla bilen bilelikde hökümet gurmak tagallasy üç aýa çekipdi. Aýdylyşyna görä, parlamente hödürlenen şol sanawy düzmek işi hem iki ýolbaşçynyň arasynda dürli jedellere sebäp bolupdy.

Haçan-da 13-nji ýanwarda şol sanaw yglan edilende, ol prezident Ganiniň reforma baradaky wadasynda tapylandygy, şunlukda kabinet wezipelerine hödürlenen adamlaryň uly bir böleginiň öz ukybyna görä saýlanan adamlardygy barada pikir döräpdi. Parlament bu sanawa 20-nji ýanwarda garar.

Goşa raýatlyk

Parlamentiň aşaky palatasynyň ministrlik wezipeleri üçin hödürlenen agzalarynyň dokumentlerini barlamak wezipesi bilen meşgullanýan komiteti 27 ýolbaşçydan 11 sanysynyň goşa raýatlyga eýedigini ýüze çykardy.

Parlament agzalarynyň uly bir bölegi goşa raýatlyk meselesine uly ähmiýet berýär. Onsoň deputatlaryň ençemesi goşa raýatlyga eýe bolan adamlara ynam sesini bermejekdiklerini aýdyp, haýbat atýarlar.

Owganystanyň esasy kanunyna görä, ministrlik wezipesine diňe Owganystanyň raýatlygy bolan adamlar saýlanyp bilinýär. Emma bu meseläniň gümürtik taraplary hem bar. Haçan-da goşa raýatlygy bolan bir adam Ministrler Kabinetinde ýokary wezipä teklip edilip, soňra-da ol ynam sesini almak üçin parlamente hödürlenende, deputatlaryň bu kandidaturany kabul etmäge-de, etmezlige-de hukuklary bar.

Emma bu meselede o diýen aýdyňlyk ýok. Sebäbi 2014-nji ýylda parlamentde geçirilen ses berişlikde Owganystanyň parlamenti goşa raýatlyga eýe bolan adamlaryň minister wezipesine saýlanmagyna ýurduň parlamenti rugsat etmez diýen karary kabul edipdi.

Häzirki derňewler, umuman aýdylanda, kabinet agzalygy üçin prezident Gani tarapyndan hödürlenen kandidatlara öz täsirini ýetirýär. Elbetde, hökümet baştutany Abdyllanyň hödürlän kandidatlary hem aladaly.

Prezident Gani tarapyndan oba hojalyk ministri wezipesine teklip edilýän Muhammet Ýakup Haýdary barada aýdylanda, eger owgan mediasynda çykan habarlardan çen tutsaň, onda ol diňe bir goşa raýatlyga eýe bolman, Interpol tarapyndan hem gözlenilýän şahsyýet.

Owgan mediasynda çap edilen habarlarda aýdylyşyna görä, ol uly möçberdäki salgyt gaçakçylygy bilen bagly iş boýunça Estoniýada gözlenilýär. Haýdary bu aýyplamalary ret etse, prezidentiň metbugat wekili Nazifulla Salarzai, eger Haýdarynyň Interpol tarapyndan gözlenýändygy tassyklansa, onuň kandidaturasynyň derhal ýatyryljakdygyny aýdýar. Hatda Haýdarynyň sanawdan eýýäm çykarylandygy barada hem maglumatlar gowuşýar.

Şeýle-de kandidaturasy prezident Gani tarapyndan teklip edilen iki zenandan biri Hatyra Afgan bilen bagly hem wawwayly mesele ýüze çykdy. Owganystanyň Baş kanunyna görä, ministr wezipesini eýelejek adamynyň ýaşy 35-den aşakda bolmaly däl.

Owgan mediasynda peýda bolan habarlarda bolsa, Afganyň hakyky ýaşy 33 bolup, ol ady sanawa goşulmazdan bir hepde ozal ýaşyny resmi dokumentinde 38 diýip ýazdyrypdyr. Ol saýlanan ýagdaýynda, magaryf ministri wezipesini eýelemeli.

Şol bir wagtyň özünde-de kandidaturasy Gani tarapyndan maliýe ministri wezipesine hödürlenen Jalali Popalyň ministrlik wezipesi ugrundaky tagallana goýbolsun edendigi aýdylýar. Eger bu habar tassyklansa, bu prezident Gani üçin ullakan problema bolar, sebäbi Gani onuň kabinete girmegi üçin köp jan çekipdi.

Onuň Ministrler Kabinetine girmekden el çekmeginiň sebäbi barada takyk maglumat ýok, hatda bu habar henize çenli resmi çeşmeler tarapyndan hem doly tassyklanmady. Emma habarlarda aýdylyşyna görä, onuň agzalýan wezipe ugrundaky göreşden el çekmeginiň sebäbi goşa raýatlyk bilen bagly bolup biler. Sebäbi ol bir wagtda Owganystanyň hem Amerikanyň raýatlygyna eýe.

XS
SM
MD
LG