Sepleriň elýeterliligi

“YD” ýesirleri öldürmekde haýbat atýar


“Yslam döwleti” atly söweşiji toparyň internetde ýaýradan wideosynda ýesir alnan ýaponlar görkezilýär.

“Yslam döwleti” atly söweşiji toparyň internetde ýaýradan wideosynda ýesir alnan ýaponlar görkezilýär.

“Yslam döwleti” atly söweşiji toparyň internetde ýaýradan wideosynda söweşijiler 72 sagadyň dowamynda 200 million amerikan dollaryna barabar pul girewi tölenme-se, ýesir alnan iki ýapon raýatynyň öldüriljekdigini öňe sürýärler.

20-nji ýanwarda ýaýradylan wideo ýazgyda mämişe reňkli geýimdäki iki ýesir özlerini Kenji Goto Jogo we Haruna Ýukawa diýip mälim edýär.

Ýapon hökümeti “terrorçylyga” boýun bolmajakdygyny aýdýar.

“Biziň ýurdumyzyň pozisiýasy öňküligine saklanyp galýar. Ýagny biz boýun bolmazlyk arkaly terrorçylyga garşy göreşe goşant goşýarys” diýip, ýapon hökümetiniň baş metbugat sözçüsi Ýoşihide Suga (Yoshihide Suga) Tokýoda geçiren metbugat ýygnagynda belledi.

Gürrüňi gidýän wideo ýazgy “Yslam döwleti” atly topar bilen baglanyşykly söweşijileriň websahypasynda çap edildi we ol ekstremist toparyň çykaran öňki wideo ýazgylaryna meňzeşdir.

“Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri ýesir alnan ýüzlerçe adamyň kellesini kesipdi ýa-da olary atyp öldüripdi.

XS
SM
MD
LG