Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň öňki resmisi höküm edildi


Eýranyň Ýokary sudy ýurduň öňki wise-prezidentini bäş ýyl üç aý türme tussaglygyna höküm etdi we onuň 10 milliard rial, ýagny 360 müň amerikan dollary möçberinde pul jezasyny tölemelidigi barada karar çykardy.

21-nji ýanwarda Eýranyň döwlet mediasynyň beren maglumatyna görä, 66 ýaşly Muhammad Reza Rahiminiň 28,5 milliard rial, ýagny 1 million amerikan dollary möçberinde kompensasiýa tölemelidigi barada hem karar çykaryldy. Emma Eýranyň döwlet telewideniýesiniň maglumatynda bu kompensasiýanyň kime berilmelidigi barada maglumat berilmeýär.

Eýranyň döwlet eýeçiligindäki “IRNA” habar gullugy ýerli suduň Rahimini 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edendigini habar berdi, emma oňa ýöňkelen aýyplamalar barada takyk maglumat mälim edilmedi.

Rahimi Eýranyň öňki prezidenti Mahmud Ahmadinejadyň baş kömekçisi wezipesinde işläpdi.

XS
SM
MD
LG