Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl palestin ýerinden jaý gurar


Ysraýyl basylyp alnan palestin topraklarynda 450 sany täze jaý birikmelerini gurmak planyny yglan etdi.

Palestin Azat ediş guramasynyň uly derejeli resmisi Hanan Aşrawi «palestin ömürleri, hukuklary we ýerleri ýene bir gezek ysraýyl saýlaw kampaniýalaryna gulluk etmek üçin deplenýär» diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti bu planlaşdyrylýan gurluşygy tankyt etdi.

Ysraýyl 17-nji martda saýlaw geçirýär, premýer-ministr Benýamin Netanýahu dördünji möhlete wezipesinde galmaga çalşar.

XS
SM
MD
LG