Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň daşary işler ministri Aşgabada barýar


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow (s) we Orsýetiň daşary işler ministri S.Lawrow (ç), Aşgabat, 2013.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow (s) we Orsýetiň daşary işler ministri S.Lawrow (ç), Aşgabat, 2013.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 3-nji fewralda iş sapary bilen Türkmenistana barar. Bu saparyň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen 2014-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Astrahanda gelnen ylalaşyklaryň ugrunda amala aşyrylýandygy Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmi beýannamasynda aýdylýar.

Maglumata görä, Aşgabatda Lawrow Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aktual meseleleri, şol sanda olaryň gumanitar tarapy boýunça gepleşik geçirer, halkara durmuşynyň esasy temalaryny, hususan-da ýurtlaryň BMG we GDA guramasynyň çägindäki hyzmatdaşlygy maslahat eder. Owganystandaky ýagdaý bilen baglylykda Merkezi Aziýanyň ýagdaýyny, şeýle-de Ýakyn Gündogary maslahat eder.

“Orsýet Türkmenistan bilen daşary syýasat, ykdysadyýet we gumanitar taýdan köp ugurlardan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär”, diýip Orsýetiň resmi maglumatynda aýdylýar.

Türkmenistanyň we Orsýetiň prezidentleriniň geçen ýylda Astrahanda geçiren gepleşiklerinde G.Berdimuhamedow iki ýurduň söwda-ykdysady ugurdan hyzmatdaşlygynyň gowy barýandygyny belläpdi.

XS
SM
MD
LG