Sepleriň elýeterliligi

Bagdat: Komendant sagady ýatyrylýar


Bomba partlamasyndan soň, Bagdad

Bomba partlamasyndan soň, Bagdad

Yragyň paýtagtynda ençeme ýyllap saklanan gijeki komendant sagady şu hepdäniň aýagynda ýatyrylar. Resmileriň 5-nji fewralda aýtmagyna görä, premýer-ministr Haidar al-Abadi komendant sagadyny 7-nji fewralda ýatyrmagy tabşyrypdyr.

Abadiniň metbugat-wekili Rafid Jaboori “uruş ýagdaýynyň saklanýandygyna garamazdan, mümkin boldugyndan kadaly durmuşyň bolmagyna” isleg bildirilýändigini aýtdy.

Habar berilişine görä, Bagdatda 2004-nji ýylda girizilen komendant sagady şäherde ýygy-ýygydan bolýan bomba partlamalarynyň öňüni alyp bilmedi.

XS
SM
MD
LG