Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Yslam döwletine" görä zenan şeýle bolmaly


"Yslam döwleti", jyhad, zenanlar
"Yslam döwleti", jyhad, zenanlar

"Zenanlar babatyndaky "Günbataryň hödürleýän nusgasy" puja çykdy, zenanyň orny öýüň içi, Günbataryň garaýşyndaky zenan nusgasy - betpäl şeýtanyň işidir".

"Yslam döwleti" (YD) atly ýaragly topar tarapyndan çap edilen we Günbataryň zenana bolan garaýşyny tankyt edýän beýannamada, ynha, ýaňky sözler aýdylýar.

"Yslam döwletiniň zenanlary" atly beýannama 23-nji ýanwarda Internetde ýaýradylypdyr. Beýannamanyň iňlis dilindäki nusgasy bolsa 5-nji fewralda Internetde goýlupdyr.

Beýannamada, zenanyň gündelik durmuşyna has köp üns çekilip, yslam jemgyýetinde we "halyfatda" (şeýle ady YD-ň ýaragly toparlary öz eýeçiligindäki sebitleri suratlandyrmak üçin ulanýarlar) zenanyň roly barada düşündiriş berlipdir.

Beýannamanyň düýp mazmuny, ynha, şundan ybarat, ýagny zenanlar öýde oturmaly, erkek adamlar bolsa hemişe hereketde bolmaly. ”YD-niň” zenanlary iliň arasyna çykyp, märekede görnüp ýörmeli däl. Onuň esasy wezipesi hem: işi, öýde äri we çagalary bolmaly.

Beýannamada aýdylyşyna görä, Günbataryň "zenan erkin bolmalydyr" diýen dünýägaraýşy puja çykypdyr. ”YD-niň” öňe sürýän pikirine görä, Günbatarda ylaýta-da ateistleriň zenanlara ündeýän şeýle nusgasy oňaýly däl. Çünki, yslamda pygamberden gelýän düzgüne görä, zenan öýden çykmaly däl. Şonuň ýaly, ybadata görä hem, şeýle bolmaly, ýagny "Allanyň hut özi zenan üçin öýde oturmak durmuşyny saýlap alypdyr we, näçe islense-de, mundan beter gowusy bolup bilmez".

Beýannamada, zenan üçin öýden uzakda, başga ýerde işlemekligiň näme üçin şeýle gaty kyn boljakdygy bilen baglanyşykly hem düşündirişler berlipdir. Zenanyň öýden daşarda duş geljek kynçylyklarynyň arasynda aýbaşy, göwreli bolmaklyk we beýleki ýagdaýlar bilen bir hatarda zenanyň äri, çagalary we dini babatdaky berjaý etmeli jogapkärçilikleri mysal getirilipdir.

Zenan, hetdiňden aşma!

Şonuň ýaly-da beýannamada zenanyň sowatsyz bolmalydygy aýdylyp, "Alla zenana diňe "öz dini barada okap-ýazmaklygy" buýruk berýär" diýen görnüşde düşündiriş berlipdir.

"Yslam döwletiniň" tassyklamagyna görä, ylymly-sowatly, ýokary bilimli bolmaklyk, zenan üçin ýat işlerdir.

Bedeniňe halka dakdyrmaklyk (pirsing), saçyňy owadanlamaklyk - bularyň ählisi şeýtanyň işidir.

"Yslam döwleti" öz beýannamasynda zenanlaryň moda görä geýinmekligine, ýagny bezenmekligine hem özüçe aýratyn baha berip, ony hem şeýtanyň işi hasaplaýar.

Bezeg goş-golaň we plastiki operasiýa babatda bolsa "adamlar ummasyz çykdajy edip, pullaryny Allanyň ýaradan görnüşini üýtgetmeklik üçin sowýarlar" diýlipdir. Beýannama görä, şeýtan zenanlary "moda dükanlaryna we gözellik hyzmatlary salonlaryna" gönükdirip, soň ol ýerde olara özi tomaşa edýär.

Görünmelem däl, eşidilmelem däl

Beýannamada aýdylyşyna görä, zenan "adatdan daşary" ýagdaýdan başga wagt hiç haçan öýden çykmaly däl. Emma, zenanyň ýurduna duşman çozan mahaly, uruşýan adamlaryň sany azlyk edende jyhada goşulmalydyrlar.

Zenanlar şerigat kada-kanunlaryna doly bap gelýän ýagdaýda şepagat uýasy we mugallyma ýaly işläp bilerler.

Adatdan daşary ýagdaýlarda zenanlaryň daşaryk çykmaklygyna rugsat berilýär, ýöne aslynda aýdylyşyna görä, görünmelem däl, eşidilmelem däl.

Gyzlara dokuz ýaşynda durmuşa çykmaklyga rugsat berlipdir, ýöne olara öýlenjekler 20 ýaşdan uly bolmaly däl diýlipdir.

Beýannamanyň ahyrynda Saud Arabystanynda zenanlar bilen baglanyşykly "elhenç" ýagdaýlar barada hem söz açylypdyr. Meselem, şeýle diýlipdir "zenanlar erkek adamlar bilen şol bir ýerde we biri-birinden kagyzyň galyňlygyndaky uzaklykda bolsalar-da, arada araçäk goýulmadyk dükanlarda işleýärler".

Aýdylyşyna görä, ol ýurtda zenanlar edil ateistik Ýewropa ýurtlarynda bolşy ýaly, hatda dokument üçin surata düşýärler, zenanlardyr erkek adamlar birek-birege degip, aýlanyp, gezip bilýärler.

XS
SM
MD
LG