Sepleriň elýeterliligi

Meşhur žurnalist azatlyga çykdy


Haýrulla Hamidow

Haýrulla Hamidow

Tanymal özbek žurnalisti Haýrulla Hamidow türmeden boşady. Ol 2010-njy ýylda, ekstremist topar bilen ilteşikli diýlip tussag edilipdi.

Hamidow Azatlyk radiosyna Daşkent welaýatynyň Çirçik şäherindäki suduň özüni möhletinden öň, 11-nji fewralda azatlyga goýberendigini aýtdy.

2010-njy ýylyň maýynda Hamidow we ýene 18 adam yslamçy «Jyhadçylar» toparynyň agzasy diýlip, türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Hamidowyň tussag edilmegi 2010-njy ýylyň ýanwarynda adaty bolmadyk güýçli protest tolkunyny döretdi. Hamidow Özbegistanda yslamçy radio programmasy, futbol kommentatorlygy we goşgulary bilen giň meşhurlyk gazandy.

XS
SM
MD
LG