Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Ýaraglar saklanyp galýar


Ukrainanyň hökümeti we orsýetçi separatistler front liniýadan özleriniň agyr ýaraglaryny yza çekip başlamakda şowsuz boldular.

Gündogar Ukrainada ok atyşygy bes etmek barada geçen hepde Minskde gol goýlan ylalaşyga laýyklykda, 17-nji fewralda iki tarap hem öz agyr ýaraglaryny yza çekip başlamalydy.

Bu aralykda, ukrain harbysy özüniň Debalsewodaky pozisiýalaryna gozgalaňçylaryň 15 gezek hüjüm edendigini aýtdy. Kiýew soňky 24 sagadyň dowamynda bäş esgeriň öldürilendigini belledi.

Şol bir wagtyň özünde Ukrainadaky separatistler, soňky 24 sagadyň dowamynda ukrain armiýasynyň ýaraşyk ylalaşygyny Donetsk regionynda 17 gezek bozandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG