Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Yslamçy toparyň şübheli lideri tussag edildi


Gyrgyzystanyň resmileri ýurtda gadagan edilen “Hizb ut-Tahrir” yslamçy toparynyň şübheli lideriniň Karakol şäherinde tussag edilendigini aýdýarlar.

Gyrgyz Içeri işler ministrliginiň 19-njy fewralda beren maglumatyna görä, polisiýa ekstremist mazmunly kitaplary, ýazgylary we DVD-leri tapansoň, şahsyýeti köpçülige mälim edilmeýän 51 ýaşly adamy tussag edipdir.

Gürrüňi gidýän adam yslamçy ekstremist işler bilen ilteşikli mundan öň türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Geçen hepde gyrgyz resmileri “Hizb ut-Tahrir” toparynyň agzasy diýlip güman edilýän birnäçe adamyň tussag edilendigini habar beripdiler.

XS
SM
MD
LG