Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz jenaýat kettesi Minskde öli tapyldy


Gyrgyzystanly tanymal jenaýat kettesi Almambet Anapiýaew Belarusyň paýtagty Minskde öli tapyldy.

Gyrgyz Içeri işler ministrliginiň resmisi Mirlan Kanimetowyň aýtmagyna görä, Anapiaýewiň pyçaklanan jesedi galp rus pasporty bilen birlikde tapylypdyr.

Ol bu barada jikme-jik maglumat bermedi.

Birleşen Ştatlaryň Maliýe departamenti 41 ýaşly Anapiaýewiň “Doganlaryň topary” atly ýewraziýaly jenaýatçy bileleşigiň agzasydygyny aýdyp, 2012-nji ýylda oňa garşy sanksiýalary güýje girizipdi.

Gyrgyzystanda Anapiaýew, öňki gyrgyz prezidenti Kurmanbek Bakiýewiň ýurdy dolandyran ýyllarynda boldy diýilýän ýokary derejeli syýasy öldürmeler bilen ilteşigi bolmakda güman edilip gözlenýär.

Bakiýew we onuň käbir dogan-garyndaşlary 2010-njy ýyldan bäri Minskde ýaşaýarlar.

XS
SM
MD
LG