Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ministr tehnikler bilen duşuşdy


Fransiýanyň içeri işler ministri özüniň Google, Facebook we Twitter wekillerinden, häkimiýetler duýduran mahaly, terrorçylyk propagandasyny derrew aýyrmagy sorandygyny aýtdy.

Bernard Käzenew (Cazeneuve) 20-nji fewralda, San Fransiskonyň Silikon julgesine eden bir günlük sapary mahalynda gözleg motorynyň we sosial ulgamlaryň wekilleri bilen duşuşdy.

Ol bu duşuşygyň tehniki kompaniýalar bilen fransuz hökümetiniň arasynda gurulýan berk gatnaşygyň ilkinji ädimi boljagyna umyt bildirdi.

Içeri işler ministriniň demirgazyk Kaliforniýa sapary Parižde ýanwarda 17 adamyň ölümine getiren terror hüjümleriniň yz ýanyna gabat geldi. Şonda polisiýa üç terrorçyny atyp öldüripdi.

XS
SM
MD
LG